Eýranyň Russiýadaky ilçisi 2023-nji ýylda ýurtlaryň wizasyz düzgüni girizip biljekdiklerini aýtdy


Moskwa we Tähran 2023-nji ýylda wizasyz düzgüni girizmek barada ylalaşyp bilerler. Eýran bu mesele boýunça rus tarapyndan jogaba garşýar hem-de gysga wagtda wizalary ýatyrmaga taýýar. Bu barada duşenbe güni metbugat maslahatynda Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali aýtdy.
“Şeýle mümkinçilik bar” diýip, ol TASS-yň ýurtlaryň 2023-nji ýylda wizasyz düzgüni girizmek barada ylalaşmaklary barada beren sowalyna jogap berende aýtdy.
“Biz iki ýurduň arasynda wizany ýatyrmak bilen ylalaşýarys. Hat-da öz tarapymyzdan bu mesele boýunça ädim ätdik. Russiýanyň resmi adamlarynyň pikirine garaşýarys. Eger Russiýa hem biz ýaly şeýle taýýarlygyň bardygy barada aýtsa, biz gysga wagtda wizasyz düzgün barada yglan edip bilerdik” diýip, Eýran diplomaty aýtdy diýip, IRNA habar berýär.
Jalali eger Moskwa bilen Tährana bar bolan birnäçe bökdençlikleri aradan aýyrmak başartsa, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ep-esli derejde ýokarlanyp biljekdigine ynam bildirdi.
“Biziň mümkinçiliklerimiz barada aýdylanda, elbetde, biz ony (haryt dolanyşygy) 20, 30, 40 milliard dollara çenli artdyryp bileris. Biz muny elbetde amala aşyryp bileris” diýip, ilçi aýtdy. Ýöne, Jalaliniň sözlerine görä, Russiýa we Eýrana ikitaraplaýyn söwdanyň isleg bildirilýän möçberine ýetmek üçin birnäçe bökdençlikleri aradan aýyrmak zerurdyr.
Häzirki wagtda bar bolan kynçylyklaryň hatarynda, eýranly diplomat logistika babatdaky bökdençlikleri ýatlap geçdi. Jalaliniň sözlerine görä, harytlary üstaşyr ibermek üçin Hazar deňziniň böleginde has köp meseleler ýüze çykýar, şol ýerde “harytlar saklanylýar”. Şeýle hem onuň pikirine görä, awtomobil ýollar arkaly ibermegi giňeltmek hem-de demirýol infrastrukturasynyň ösdürilmegine üns bermek zerurdyr.
Noýabr aýynda RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowagyň habar berişi ýaly, 2022-nji ýylyň sekiz aýynyň netijeleri boýunça Russiýanyň we Eýranyň haryt dolanyşygy 36,4% artyp, $3,3 milliarda çenli ýokarlandy.
ORIENT news








