HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen pälwanlary Bakuda geçirilen ýaryşlarda 11 medal gazandylar

Fewral 14, 2023 | 19:57 |11626
Türkmenistanly sportuň erkin göreş boýunça ussatlary 11-12-nji fewralda Bakuda A.Azizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen göreş boýunça açyk halkara ýaryşynda 11 medala mynasyp boldular.Türkmenistanly sportuň erkin göreş boýunça ussatlary 11-12-nji fewralda Bakuda A.Azizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen göreş boýunça açyk halkara ýaryşynda 11 medala mynasyp boldular.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanly sportuň erkin göreş boýunça ussatlary 11-12-nji fewralda Bakuda A.Azizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen göreş boýunça açyk halkara ýaryşynda 11 medala mynasyp boldular.

Bu ýaryş Azerbaýjanyň göreş federasiýasy bilen bilelikde Birleşen göreş dünýäsi tarapyndan gurnaldy.

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça wekilleri Ýusup Meretjäýewiň ýolbaşçylygynda üç altyn, iki kümüş we alty sany bürünç medal gazandylar.

Ýurdumyzyň altyn medallar gaznasyna 61 kilograma çenli agram derejesinde Nuryagdy Baýramdurdyýew, 74 kilograma çenli agramda Jumadurdy Jumaýew, 79 kilograma çenli agram derejesinde Azymberdi Saparow dagylara şahsy goşantlaryny goşmak başartdy.

IMG_20230214_185724.jpg

45 kilograma çenli agram derejesinde Azymberdi Aşyrgulyýew, 61 kilograma çenli agram derejesinde Jelaleddin Seýidow üstünlikli çykyş edip, kümüş medallaryň eýesi boldular.

Alty sany bürünç baýraga 51 kilograma çenli agram derejesinde Azatberdi Aşyrgulyýew, Amir Hamaýun we Ismail Muhammedow (ikisi hem 57 kilograma çenli), Alp Arslan Begenjow (71 kg çenli), Dawut Hallyýew (74 kg çenli), Parahat Ataýew (79 kg çenli) dagylar mynasyp boldular.

Häzirki wagtda türkmenistanly grek-rim we erkin göreş ussatlary ýakyn wagtda geçiriljek halkara ýaryşlaryna taýýarlyk hşkmünde Bakuda 28-nji fewrala çenli dowam etjek okuw türgenleşiklerini geçirýärler.

Artur PETROSYANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026