HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

50 ýyla golaý wegetariýan bolan Drozdow etiň iýmitde möhümdigini boýun aldy

Fewral 13, 2023 | 11:38 |5473
Belli rus zoolog alymy professor Nikolaý Drozdow köp ýyllaryň dowamynda et iýmändigi sebäpli gapyrgasyny döwdürendigini boýun aldy. Bu barada ol 7days.ru. beren söhbetdeşliginde gürrüň berdi.Belli rus zoolog alymy professor Nikolaý Drozdow köp ýyllaryň dowamynda et iýmändigi sebäpli gapyrgasyny döwdürendigini boýun aldy. Bu barada ol 7days.ru. beren söhbetdeşliginde gürrüň berdi.
Çeşme: Globallookpress

Belli rus zoolog alymy professor Nikolaý Drozdow köp ýyllaryň dowamynda et iýmändigi sebäpli gapyrgasyny döwdürendigini boýun aldy. Bu barada ol 7days.ru. beren söhbetdeşliginde gürrüň berdi.

85 ýaşly alym öz jaýynyň howlusynda ýykylyp, gapyrgasyny döwdürenden soň üç hepdeläp hassahanada ýatdy. Mundan başga-da, gapyrgalaryň biri öýkene sünjülipdir.

«Bularyň ählisi – meniň wegetariýanlyk durmuş ýörelgämiň netijesidir. Eti näme-de bolsa iýmeli. Men soňky wagtda ony öz iýmitimiň düzümine goşup başladym. Şuňa çenli bolsa uzak ýyllaryň dowamynda et iýmedim. Lukmanlar eger-de et iýmeseň döwülmeleriň ýygy-ýygydan bolup biljekdigini aýtdylar. Görýäňizmi, indi gapyrgalara-da baryp ýetdi» – diýip, zoolog sözüni jemledi.

Nikolaý Drozdow 1975-nji ýyldan bäri erjellik bilen wegetariýanlyk ýörelgesine eýermek bilen, «Haýwanat dünýäsinde» atly telegepleşigiň alyp baryjysy hökmünde has meşhurdyr. Ol Jemgyýetçilik Ylymlarynyň Halkara Birleşmesiniň agzasydyr, Nýu-Ýorkuň Ylymlar akademiýasynyň hem agzasydyr we beýleki iri ylmy-barlag düzümleriniň hem agzasy bolup durýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Janly golografik kömekçi: Alltime özboluşly emeli aňly oLand kömekçi modelini tanyşdyrdy

Janly golografik kömekçi: Alltime özboluşly emeli aňly oLand kömekçi modelini tanyşdyrdy

23:06 Awgust 28, 2026
Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil syýahaty

Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil syýahaty

22:53 Awgust 28, 2026
Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

18:00 Awgust 28, 2026