Türkmenistandan Türkiýä nobatdaky ynsanperwerlik ýüki ugradyldy


Nobatdaky ynsanperwerlik ýüki güýçli ýer titremelerinden ejir çeken Türkiýä ugradyldy – diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral özüniň Twitter hasabynda habar berdi.
Bu ýurda 10 sany elektrik energiýa generatorlaryny we ýakynda Aşgabatda geçirilen haýyr-sahawat çäresinde ýygnalan 1500 sany ýyly ýorganlary elterler. Ýüki Turkish airlines awiakompaniýasy äkidýär.
Diplomat Türkmenistanyň adaty raýatlaryna, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli geňeşine, Zenanlar birleşigine we ýurtda işleýän türk kompaniýalarynyň işgärlerine ynsanperwerlik ýüküni ýygnamakda beren kömekleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ýorganlar we generatorlar Türkiýäniň ejir çeken etraplaryna we başga ýere çykarylma nokatlaryna eltiler, ol ýerde häzir sowuk howa aralaşdy - diýip, ozal ynsanperwerlik kömegini ýygnamak boýunça çärede Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi aýdypdy.
Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky weýrançylykly ýer titremeleri 6-njy fewral güni irden bolup geçdi. Bütindünýä saglyk guramasy ony Ýewropanyň ýüzýyllygyndaky betbagtçylyk diýip ykrar etdi. Bar bolan maglumatlara görä, tebigy betbagtçylyk Türkiýede we goňşy Siriýada 36 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesdi. Iki ýrtda 26 mln-dan gowrak adam ynsanperwerlik kömegine mätäç – diýip, BSG-y beýan etdi.
Şunuň bilen baglanyşykly okaň:
Aşgabatda Türkiýedäki ýer titremesinden ejir çekenler üçin ynsanperwerlik kömegini ýygnadylar
Türkmenistan Türkiýä çagalar üçin ynsanperwer kömekli ýene-de bir uçar ugratdy
Türkmenistan ýer titremesinden ejir çeken Türkiýä ynsanperwerlik kömegini ugratdy








