Daşary ýurtlaryň wezipä täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi


Daşary ýurtlaryň wezipä täze bellenen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa birnäçe döwletleriň wezipä täze bellenen ilçilerinden – Şwesiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Danestadden, Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstensden, Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Doržiýn Baýarhuudan ynanç hatlaryny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan Milli Parlamentiň ýolbaşçysy daşary ýurtly diplomatlaryň her birini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklary hem-de döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşyklaryň barşynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alşyldy.








