HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan Türkmenbaşynyň deňiz portunyň üsti bilen täze söwda ugruny işläp düzýär

Fewral 14, 2023 | 17:42 |5863
Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Russiýa ugry boýunça ugurlary amatlylaşdyrmak we söwdany ösdürmek üçin Gyrgyzystan goşmaça ugruň üstünde işleýär. Bu barada Respublikanyň ykdysadyýet ministrligine we ulag ministrligine salgylanyp, Ýewraziýanyň Ritmi portaly habar berýär.Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Russiýa ugry boýunça ugurlary amatlylaşdyrmak we söwdany ösdürmek üçin Gyrgyzystan goşmaça ugruň üstünde işleýär. Bu barada Respublikanyň ykdysadyýet ministrligine we ulag ministrligine salgylanyp, Ýewraziýanyň Ritmi portaly habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Russiýa ugry boýunça ugurlary amatlylaşdyrmak we söwdany ösdürmek üçin Gyrgyzystan goşmaça ugruň üstünde işleýär. Bu barada Respublikanyň ykdysadyýet ministrligine we ulag ministrligine salgylanyp, Ýewraziýanyň Ritmi portaly habar berýär.

Ugur öz gözbaşyny Hazar deňzindäki Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portundan alar we aňryk Astrahanyň we Mahaçkalanyň portlaryna barar.

Ozal Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleri Astrahanda bolup gördüler we oblastyň portunyň işjeňligi bilen, hususan-da, «Astrahan deňiz porty» PJ, «Astrahan porty» PPJ, «Armada» PJ DK işjeňlikleri bilen tanyşdylar. Wekiliýetiň agzalary şeýle hem Hazar deňziniň portlaryny ulanyp, multimodal ýük daşamalaryny amala aşyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şonda Gyrgyzystan 40 ulagdan ybarat gündelik akymy üpjün etmäge taýýardygyny bildirdi. Soňlugy bilen bu ugurda 150-200 çenli awtoulag hereket edip biler. Ýöne gyrgyz tarapynyň beýan etmegine görä, kadaly ýük daşamalary ýerine ýetirmek üçin paromlaryň ýeterlik mukdaryny üpjün etmeli.

Şunuň bilen baglylykda, Gyrgyzystanyň daşaýjylarynyň Birleşmesi paromlary kärendesine almak boýunça operator bolup çykyş etmäge taýýardygyny beýan etdi. Paromlary kärendesine almak baradaky resmi ýüz tutma Astrahan oblastynyň hökümetine ugradyldy.

«Gazagystanyň üsti bilen Russiýadan bärik we yzyna harytlar göni gelýär, ýöne bu ýerde tarif syýasaty we amallar meseleleri möhümdir. Köplenç iň ýakyn ýol birnäçe sebäplere görä ýük daşaýjylara has gymmata düşýär, wagty boýunça hem haryt islän wagtyňa görä haýal gelýär» – diýip, Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Temir Saryýew belliklerini aýtdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026
Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

17:05 Iýun 18, 2026
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026