Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady


Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Greým Lesli Mihandan ynanç hatyny kabul etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, maksatlary hem-de wezipeleri, şeýle hem milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek we raýatlaryň rowaçlygyny ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Türkmen halkynyň taryhy we medeni däpleri duşuşygyň ýene-de bir ugry boldy.
Şeýle hem diplomat Mejlisiň düzümi we köpugurly işi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek bolýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara dialogyny giňeltmek maksady bilen, parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda Mejlisiň ýolbaşçysy hem-de diplomat ýakyn geljekde döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän, doly möçberli hyzmatdaşlyk derejesine çykaryljakdygyna we iki ýurduň halklarynyň hoşniýetli erkine esaslanyp, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.








