HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Fewral 15, 2023 | 00:00 |1397
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýondan ynanç hatyny kabul etdi. 
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostlugy we netijeli  hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýondan ynanç hatyny kabul etdi. 
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostlugy we netijeli  hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: Watan

Kuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýondan ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostlugy we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Giň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda Kuba Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şeýle hem myhman milli parlamentiň düzümi we amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler bilen baglylykda, kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen – kuba parlament dostluk toparyny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy. Şunda parlament derejesinde gatnaşyklary, BMG-niň düzümleýin bölümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy bellenildi.

Diplomat söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym, bilim, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz ýurdunyň orän uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026