HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DÖM-nyň we innowasiýalaryň baglanyşygyny Oguzhan adyndaky uniwersitetiň halkara maslahatynda ara alyp maslahatlaşýarlar

Fewral 16, 2023 | 10:58 |14901
Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Durnukly ösüşiň maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat açyldy.Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Durnukly ösüşiň maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat açyldy.
Çeşme: Oguzhan adyndaky ITU tarapyndan berildi

Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Durnukly ösüşiň maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat açyldy.

Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan we talyplaryndan, şeýle hem ýurduň ylmy intelligensiýasyndan başga çärä dünýäniň 23 ýurdundan 50 golaý wekiller gatnaşýar. Hususanda, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Azerbaýjanyň, Nigeriýanyň we beýleki ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahatyň maksatnamasy ylmy işläp-düzmeler babatyndaky özara hereket, innowasion tehnologiýany döwlet işjeňliginiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmakda ýaşlaryň eýeleýän orny ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyny öz içine alýar.

Daşary ýurtly myhmanlar şekilli aragatnaşyk arkaly bu ýokary okuw mekdepde amala aşyrylýan taslamalar bilen, talyplaryň kiberhowpsuzlyk, emeli intellekt babatyndaky, PÜ-ni, web-saýtlary we ş.m. döretmekdäki gazananlary bilen tanyşdyryldy.

Plenar mejlisden soňra halkara maslahaty — «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar we biotehnologiýalar», «Maglumat we kommunikasion ulgamlar we kiberfiziki ulgamlar», «Innowasion ykdysadyýet we ynsanperwer ylymlar» bölümlerinde dowam etdirildi.

Maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda daşary ýurtly wekiller gaýtadan dikeldilýän materiallara we energiýanyň çeşmelerine, DÖM-na ýetmekde ýaşlar syýasatynyň ornuna, gurluşykdaky innowasion tehnologiýalara bagyşlanan hasabatlar bilen çykyş ederler. Olar şeýle hem Türkmenistanda kaliýniň sulfatyny öndürmegiň mümkinçilikleri, lagym suwlaryny gaýtadan işlemek, 5G-ni ulanmagyň geljegi barada hem gürrüň bererler. Maslahat 16-njy fewrala çenli dowam eder.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026