Aşgabadyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti innowasiýalaryň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar


Aşgabatdaky Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Türkmenistanyň ýaşlaryny gyzykly tehniki we programma işläp düzmeleri bilen innowasiýa tehnologiýalaryň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Birinji tapgyryň çäklerinde gyzyklanýan adamlara 1-nji aprele çenli oguztaslama@gmail.com elektron salgysyna gatnaşmaga gyzyklanýandygyňyz barada ýüz tutma ugratmaly. Olara şeýle hem öz işläp düzmäňiz barada – web-sahypa bolsun, programma üpjünçiligi, ykjam goşundy, robot ýa-da hyzmatlaryň innowasion görnüşleri, biotehnoloiýalar babatdaky taslamalar, kiberhowpsuzlyk, maglumatlar tehnologiýalary barada gürrüň bermeli.
Öz gezeginde taýýar taslamanyň tanyşdyrylyşy bilen birlikde 1-nji maýa çenli bermeli. Bäsleşigiň guramaçylyk komiteti işlere sereder we 20-nji maýa çenli netijeleri yglan eder. Bäsleşige hem ýekelikde, hem toparyň düzüminde gatnaşyp bolýar.
Birinji tapgyryň ýeňijileri öz oýlap tapmalaryny ýokary okuw mekdebinde iýun aýynda Türkmenistanda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda innowasion tehnologiýalaryň gözden geçirilişinde görkezmäge mümkinçilik alarlar.
Bäsleşigiň jemleri we ikinji tapgyryň ýeňijileri 12-nji iýunda Ylymlar gününe bagyşlanan maslahatda dabaraly yglan ediler.
Bäsleşigiň geçirilişi baradaky jikme-jik maglumaty ýokary okuw mekdebiniň saýtyndan alyp bolýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 63) 647081, (+993 65) 873093, (+993 64) 493354/








