HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkiýedäki ýer titremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegi ýygnaldy

Fewral 15, 2023 | 10:30 |12109
Türkmenistanyň ýaşaýjylary geçen hepde Türkiýäniň günorta-gündogarynda weýrançylykly ýer titremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ýygnamak boýunça çärä gatnaşdylar – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Türkmenistanyň ýaşaýjylary geçen hepde Türkiýäniň günorta-gündogarynda weýrançylykly ýer titremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ýygnamak boýunça çärä gatnaşdylar – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Türkmenistanyň ýaşaýjylary geçen hepde Türkiýäniň günorta-gündogarynda weýrançylykly ýer titremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ýygnamak boýunça çärä gatnaşdylar – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezinde ýylyjak gyşky ýorganlary kabul etdiler. Ýüzlerçe türkmenistanlylar Türkiýäniň doganlyk halkyna olar üçin kyn wagtda kömek bermek üçin bu ýere geldiler.

Ynsanperwerlik kömegini ýygnamagyň nokadyna bir-birden däl-de, tutuş maşgala bolup geldiler. Çagalar ene-atalaryna içi täze ýyly ýorganly uly paketleri götermäge kömek etdiler, ol ýorganlar häzir Türkiýäniň ýer titremeden ejir çeken welaýatlarynda bolan we başga ýere çykarylan çagalara sowukdan goranmaga kömek eder.

Köp kişiler mümkinçiligine görä bir däl-de, birnäçe ýyly ýorgan getirdiler. Kimdir biri bolsa onlarça ýorgany haýyr-sahabat hökmünde berdi.

В Ашхабаде собрали гуманитарную помощь для пострадавших от землетрясений в Турции

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Türkiýedäki ýer titremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ýygnamak boýunça çärede

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral ýygnananlara edilen kömek üçin minnetdarlyk bildirdi we häzir ýorganlaryň ejir çekenlere örän gerekdigini, sebäbi betbagtçylygyň zolagynda howanyň sowandygyny belledi. Ol ýakyn wagtda Türkmenistanda ynsanperwerlik kömegini ýygnamak boýunça başga çäreleriň hem geçiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Magnitudasy ýedi balldan geçýän güýçli ýer titreme Türkiýäniň günorta-gündogarynda 6-njy fewralda bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä Türkiýede 31,6 müň adam we goňşy Siriýada 5,7 müň adam tebigy betbagtçylygyň netijesinde wepat boldy.

7-nji fewralda Türkmenistan Türkiýe lukmançylyk işgärleriniň toparyny we dermanlardan, lukmançylyk serişdelerinden we dokma önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegini ugratdy . Soňra Aşgabat bu ýurda ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik ýüküni ugratdy .

Şunuň bilen baglanyşykly okaň:

Türkmenistanyň Prezidenti Ärdogana we Asada ýer titreme bilen baglanyşykly gynanç bildirdi

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy ýer titremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna matam üçin baýdagy aşak düşürdi

Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenlere kömek edýän türkmen lukmany öz duýgularyny paýlaşdy

Eziz Öwezow

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026