HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy

Fewral 12, 2023 | 22:43 |5928
12-nji fewralda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy. Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýranyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.12-nji fewralda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy. Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýranyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.
Çeşme: Watan

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy

12-nji fewralda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy. Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýranyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.

EYR-niň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, suratkeşler, halk senetçiliginiň hem-de sportuň gadymy milli görnüşleriniň ussatlary hem bar.

Soňra bu ýerde Eýranyň medeniýet ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny meşhur halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň, “Kormanj” we “Ronak” belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary düzdi.

Şeýle hem bu ýere ýygnanlar medeni forumyň maksatnamasy bilen tanyşdyrylyş dabara gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet baştutanlaryna köpugurly hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandyklary, halklara parahatçylykda we ylalaşykda ýaşaýan goňşy döwletleriň arasynda özara medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin hoşallyk bildirdiler.

Soňra dostlukly ýurduň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine aýlanyp gördüler. Myhmanlar bu ýerde bolmak bilen muzeýde ýerleşdirilen gymmatlyklary ýakyndan synlamaga mümkinçilik aldylar.

Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, muzeý gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary geljekki nesilleri ýetirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Muňa Eýran Yslam Respublikasyndan gelen myhmanlar hem aýdyň göz ýetirdiler. Olar munuň üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026