Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pars aýlagynyň kenarynda gezelenç etdi


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pars aýlagynyň kenarynda gezelenç etdi
Şu gün ir bilen Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän “Emirates Palaсe” myhmanhanasyndan çykyp, Pars aýlagynyň kenarynda gezelenç etdi, irki maşklary ýerine ýetirdi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde irki gezelenç mahalynda bu künjegiň tebigy ajaýyplyklaryny synlady.
Ajaýyp kenaryň ugry bilen gezelenç edip barşyna Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ekilýän bag nahallaryň, döredilýän gök zolaklaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň özboluşly gözelligine ünsi çekdi.
Hormatly Arkadagymyz gezelenjiň dowamynda aýlagyň çäginde duran gämileri synlady. Bu ýerde dürli görnüşli gämileriň köpsanlysy bolup, olaryň eýeleri kenarda dynç alýanlara we deňizde gezelenç edýänlere degişli hyzmatlary hödürleýärler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we egindeşleri welsipedli gezelenç edip, ýolugra bu ýerdäki ajaýyplyklary synladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri welosipedli gezelenji tamamlap, kenaryň çäklerinde ýerleşýän sport desgalaryny synlady we bu ýerdäki tennis meýdançasyna baryp gördi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Meredow hem-de A.Begliýew bilen aýlagyň kenarynda çaý başynda söhbet etdi. Bu ýerde tebigy we bag-seýilgäh gözelligi babatda öňdebaryjy gazanylanlary we iň oňat dünýä tejribesi ulanylýar.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Abu Dabiniň ösüş gaznasynyň, «Masdar», «ADNOC» we Abu Dabi Port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler.
Duşuşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri bilen bir hatarda, maýa goýum, ýangyç-energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem port düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini, şeýle hem iki döwletiň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyna ygrarlydyklaryny belläp, gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
BAE-niň wekilleri ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşyklaryň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu Dhabi bank) arasynda korespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň müftüsi we “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň baş hünärmeni düýn Gahryman Arkadagymyzyň baryp gören Abu Dabi şäherindäki “Şeýh Zaýed” metjidine bardylar we binagärlik – tehniki aýratynlyklar, çäkleri abadanlaşdyrmak, içki we daşky bezeg, yşyklandyryş ulgamy we beýlekiler bilen baglanyşykly özlerini gyzyklandyrýan meselelere jogap aldylar hem-de bu ýerde binagärlik babatda alan maglumatlarynyň Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň gurluşyk işlerinde peýdaly boljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmenistanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň – Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini, bu ýerde welaýatyň Baş metjidiniň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny ýatladýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şäheri gurmak, şeýle hem onuň çäginde Baş metjidi bina etmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi we gurluşyk işlerinde ulanyljak serişdeleriň hiline, desganyň binasyna we alnyp barylýan işlere ýokary talap bildirýär. Şoňa görä-de, “Şeýh Zaýed” metjidiniň binagärlik aýratynlyklary bilen giňişleýin tanşylmagynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň bilermenleri bilen tejribe we pikir alyşmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.
BAE-niň wekilleri Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň gurluşygyna ýardam we maslahatlary bermäge, şeýle hem öz tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikerine resmi saparyny tamamlap, Abu-Dabiniň Halkara howa menziline tarap ugrady. Ol ýerde Adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaými hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Adalat ministri saparyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleriň we saparyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Birnäçe sagatdan soň, Gahryman Arkadagymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde hormatly Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.








