HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň ýokary okuw mekdebine kwota boýunça 6 ädimde girýäris – Türkmenistandaky Russiýanyň öýünden gollanma

Fewral 10, 2023 | 22:59 |39989
2023-nji ýylyň ýanwarynda Roshyzmatdaşlygyň Türkmenistandaky wekilhanasy türkmen dalaşgärleri üçin Russiýanyň orta we ýokary bilim edaralarynda 250 býujet ornunyň bölünip berlendigini yglan etdi. Täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň esasy tapawut goýulýanlary – taýýarlygyň lukmançylyk we döredijilik ugurlarydyr.2023-nji ýylyň ýanwarynda Roshyzmatdaşlygyň Türkmenistandaky wekilhanasy türkmen dalaşgärleri üçin Russiýanyň orta we ýokary bilim edaralarynda 250 býujet ornunyň bölünip berlendigini yglan etdi. Täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň esasy tapawut goýulýanlary – taýýarlygyň lukmançylyk we döredijilik ugurlarydyr.
Çeşme: unsplash.com

2023-nji ýylyň ýanwarynda Roshyzmatdaşlygyň Türkmenistandaky wekilhanasy türkmen dalaşgärleri üçin Russiýanyň orta we ýokary bilim edaralarynda 250 býujet ornunyň bölünip berlendigini yglan etdi. Täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň esasy tapawut goýulýanlary – taýýarlygyň lukmançylyk we döredijilik ugurlarydyr.

Aşgabatdaky Russiýanyň öýi RF-nyň ýokary okuw mekdeplerine kwota boýunça nähili girip bolýandygybarada gollanma berdi:

Ädim 1: education-in-russia.com portalynda hasaba alynmaly we ýüz tutmany doldurmaly (23.12.2022 – 20.02.2023);
Ädim 2: Ýüz tutma seredilýänçä garaşmaly(23.12.2022 – 20.02.2023);
Ädim 3: Saýlama synagy üçin çakylyk almaly (23.12.2022 – 28.02.2023);
Ädim 4: Saýlama synaglaryna gatnaşmaly(01.02.2023 – 30.03.2023);
Ädim 5: Eger-de siz döredijilik ugry saýlanyp alnan bolsa, saýlaw synaglarynyň geçirilmegi soňra bolar (01.03.2023 – 31.08.2023);
Ädim 6: Ýokary okuw mekdepleri iň gowy dalaşgärleriň anketalaryny alarlar (01.06.2023 – 31.08.2023).

Meniň ýüz tutmamy tassyklandyklaryny nädipbilmeli?

Eger-de siziň ýüz tutmaňyz kabul edilen bolsa, siziň elektron poçtaňyza onlaýn-formatda geçjek synagaçagyrylýandygyňyz barada hat geler.

Jemi 2 synag bolar.

Magistratura girýänler üçin söhbetdeşlik geçirilýär, onuň barşynda rus dilini biliş derejäňiz bahalandyrylýar we siziň okan ugruňyz boýunça sorag berilýär.

Portfolio bäsleşigi näme we ol näme üçin gerek?

Portfolio bäsdeşligi döredijilik hünärine we magistratura girmek isleýänler üçin geçirilýär. Ol dalaşgärleri olaryň gazanan üstünlikleri boýunça bahalandyrmakdan ybaratdyr, ýagny bäsleşige gatnaşýanlar öz diplomlaryny, hormat hatlaryny, dürli okuw kurslaryny we seksiýalary geçendigi baradaky şahadatnamalaryny tabşyrmalydyrlar. Şunuň ýaly her bir resminama üçin ball berler.

Etrap, şäher we döwlet derejesindäki olimpiadalaryň ýeňijileri artykmaçlyklardan peýdalanarlar. Ähli hormat hatlarynyň we diplomlaryň iki ýyllyk güýjüniň bardygyny belläp geçmelidiris. Ýokary bilim baradaky (bakalawr) tapawutlanan diplom üçin hem ball berler. Ballaryň jemi boýunça reýting düzülýär.

Girendigimi nähili bilmeli? Giren bolsam, onda nirä?

Umumy ulgamda, eger-de siziň ýokary reýtingiňiz bolsa, size kabul eden ýokary okuw mekdebiňizdenhabar geler, şeýle hem şol ýokary okuw mekdebiniňkuratory we /ýa-da wekili barada uly bolmadyk kepilnama geler, siz onuň bilen habarlaşmaly bolarsyňyz (onuň elektron poçtasy, belgisi we ş.m. görkeziler).

Reýtingleriň görkezijileri Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrligine ugradylýar, olar anketalary degişli ýokary okuw mekdeplerine paýlaýarlar. Olar öz gezeginde, öz hatarlarynda görmek isleýän dalaşgärleri özbaşdak saýlaýarlar.

Sizi anketaňyzda öz saýlan 6 sany ýokary okuw mekdebiňizden biri saýlap biler. Şunda diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän ýokary okuw mekdeplerini saýlamaklyga tapawut goýmaly. Şeýle ýokary okuw mekdepleriniň sanawy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda tanşyp bolýar. Uçara biledi talyplar özbaşdak öz hasabyna satyn alýarlar.

Arslan MÄMMEDOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026