BAE wizalaryň ähli görnüşlerini uzaltmak üçin täze hyzmat girizdi


BAE-niň Şahsyýeti anyklamak, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy boýunça federal müdirligi täze hyzmata badalga berdi, ol ähli ýurduň wekillerine berlen ähli görnüşdäki wizalary 60 günlük uzaltmaga mümkinçilik berýär.
Bu hyzmat haýsydyr bir sebäplere görä ýurda gitmegi goýbolsun eden we wizanyň möhletini uzaltmak isleýänler üçin peýdaly bolar.
Habarda bu hyzmatdan diňe bir gezeklik, ýurda girilmezden öň peýdalanyp bolýandygy aýdylýar. Resminamanyň möhletini ygtyýarlandyrylan edaranyň resmi saýtynyň üsti bilen ýa-da UAE PASS goşundysynyň üsti bilen uzaldyp bolýar.
Dalaşgärler şeýle hem bu hyzmatdan peýdalanmak üçin BAE-niň Şahsyýeti anyklamak, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy boýunça federal müdirlik tarapyndan tassyklanan ýörite merkezlere hem ýüz tutup bilerler.
Hyzmatyň tölegi 200 dirhemdir.
Ýüz tutma makullanandan soňra ýüz tutýan adamyň elektron poçtasyna habar gelýär. Eger-de ýüz tutmada maglumatyň kemdigi ýa-da doly däldigi ýüze çykarylsa, onda ýüz tutma seredilmeýär, maliýe ýygymlary bolsa ýüz tutma tabşyrylandan soňra 6 aýyň dowamynda yzyna gaýtarylýar.
ORIENT habarlar








