Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderçilik Akademiýasy täze gatnaşyjylara garaşýar


Merkezi Aziýanyň ýaşlar liderçilik Akademiýasyna (CAYLA) ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlandy.
CAYLA – bu «Merkezi Aziýada sosial innowasiýalar» atly ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Ýewraziýa Gaznasy tarapyndan ýerine ýetirilýän bäş ýyllyk Maksatnamanyň bir düzüm bölegidir. Ol Türkmenistandan, Gazagystandan we Özbegistandan 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli bolan ýaş liderlere özara hereket etmek, pikirdeşler bilen aragatnaşyk saklamak, şeýle hem bilimleri we amaly başarnyklary kämilleşdirmek üçin platformany berýär.
Saýlap almaklyk bäsleşik esasynda geçirilýär, onuň çäklerinde liderlik mümkinçiligi bolan höwesli dalaşgärlere we meýletinçilik tejribesi bolan dalaşgärlere tapawut berilýär.
Saýlanyp alnan 120 adam taslamalary dolandyrmak, netijeli aragatnaşyk, şeýle hem tankydy pikirlenmek, köpçüligiň öňünde çykyş etmek başarnyklary boýunça interaktiw bilim sessiýalaryna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar, fandraýzingiň esaslaryny özleşdirerler. Olar şeýle hem pikir alyşmak üçin halkara bilermenler bilen duşuşarlar.
Okuw 2023-nji ýylyň aprelinde başlaýar we alty aý dowam eder. Okuw tamamlanandan soň gatnaşyjylara maksatnama gatnaşandyklary hakyndaky şahadatnama gowşurylar.
Gyzyklanýan taraplar 2023-nji ýylyň 5-nji martyna çenli ýüz tutmanyň degişli formasyny doldurmalydyrlar. Ýüz tutma dalaşgär baradaky esasy maglumaty (ady, habarlaşmak üçin belgileri, bilimi, iş tejribesi), şeýle hem maksatnama gatnaşmaga höweslenmäni, şol sanda alnan bilimleri ulanmak baradaky meýilnamalaryny öz içine alýar.
Ýüz tutmany tabşyrmak bilen bagly ýa-da maksatnama bilen baglanyşykly umumy soraglar bilen şu elektron salgy boýunça ýüz tutup bolýar: CAYLAapply@eurasia.org.
Häzirki wagta çenli CAYLA maksatnamasyna tutuş Merkezi Aziýa boýunça 340-dan gowrak ýaş liderler we aktiwistler gatnaşdylar.
ORIENT habarlar








