Balkan welaýatynyň häkimligi täze obanyň desgalaryny gurmak boýunça potratçylary gözleýär


Balkan welaýatynyň häkimligi Gyzylarbat etrabynda peýda boljak täze ilatly nokatda dürli desgalaryň gurluşygy boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi. Bu baradaky bildiriş penşenbe güni resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Gurluşyk guramalary we hususy kärhanalar inženerçilik torlarynyň çekilmegi ýa-da medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy boýunça ýüz tutmalary tabşyryp bilerler.
Täze obada 32 sany bir gatly dört otagly ýaşaýyş jaýy, 260 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, geňeşligiň, polisiýanyň, ýangyn söndüriji gullugynyň binasy, 200 orunlyk medeniýet öýi we seýilbag gurulmalydyr.
Şeýle hem suw geçirjisini, gaz geçirijisini, lagym ulgamyny we tok geçirjilerini gurnamaly, içerki we uly ýollary çekmeli, agyz suwuny süýjetmek boýunça bina, lagym arassalaýjy desgalar gurulmalydyr.
Gurulmaly desgalaryň doly sanawy bilen Balkan welaýat häkimliginiň iri gurluşyk müdirliginiň bildirişinde tanşyp bolýar.
Maglumatlar üçin şu telefon belgilerine ýüz tutmaly: (+993 222) 2-01-04; 2-01-15; 2-01-16.
ORIENT habarlar








