HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda «Körlük – höküm däl» atly ýaşlar durmuş taslamasyna badalga berildi

Fewral 02, 2023 | 16:05 |13156
Türkmenistanda «Körlük – höküm däl» atly durmuşy taslamasyna badalga berildi – diýip, Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maglumatynda habar berilýär.Türkmenistanda «Körlük – höküm däl» atly durmuşy taslamasyna badalga berildi – diýip, Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maglumatynda habar berilýär.
Çeşme: asi.org

Türkmenistanda «Körlük – höküm däl» atly durmuşy taslamasyna badalga berildi – diýip, Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maglumatynda habar berilýär.

Ýaşlar liderligine goldaw bermek baradaky grantyň çäklerinde ýerine ýetirilýän bu taslamanyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň Ýaşlar komitetiniň ýolbaşçysy Şabibi Osmanowa çykyş etdi.

Onuň pikiri soňra kör bolan adamlara duýgy-psihologik taýdan emele gelýän böwedi ýeňip geçmekde kömek etmäge, olaryň jemgyýete goşulyşmagyna goldaw bermäge niýetlenendir.

Taslama Aşgabatda, Daşoguzda we Balkanabatda ýaşaýan görüş babatda maýyplygy bolan 50 sany adam gatnaşar. Olar okuw-tälimlerini geçerler, onuň çäklerinde gündelik durmuş-ýaşaýyş bilen baglanyşykly meseleleri ýeňip geçmegiň usullaryna gararlar, giňişlikde ugrukmak usullary bilen tanyşarlar, şeýle hem maglumatlar tehnologiýalary babatynda öz habardarlygyny ýokarlandyrarlar. Özleri hem görüş taýdan maýyp bolan tälimçiler «deň-deňe» usulyýeti boýunça okuw materiallaryny hödürlärler.

Başlangyç Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň «Jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak arkaly ýaşlaryň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» taslamasynyň bir bölegidir, ol Ýewraziýa Gaznasy (FE) we Merkezi Aziýada Sosial Innowasiýalar (SICA) maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär we ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026