HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda otly gatnawyna elektron biletleri almagyň tertibini tassykladylar

Ýanwar 31, 2023 | 11:51 |16352
Türkmenistanda ýolagçy otlularyna elektron biletleri almagyň tertibini tassykladylar, oňa laýyklykda syýahat edýänler elektron biletleri internetden ýa-da bilet satmak boýunça terminallardan, şeýle hem ýolagçylara hyzmat edýän stansiýalardan satyn alyp bilerler – diýip, «Türkmendemirýollary» AGPJ-niň resmi saýty habar berýär.Türkmenistanda ýolagçy otlularyna elektron biletleri almagyň tertibini tassykladylar, oňa laýyklykda syýahat edýänler elektron biletleri internetden ýa-da bilet satmak boýunça terminallardan, şeýle hem ýolagçylara hyzmat edýän stansiýalardan satyn alyp bilerler – diýip, «Türkmendemirýollary» AGPJ-niň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanda ýolagçy otlularyna elektron biletleri almagyň tertibini tassykladylar, oňa laýyklykda syýahat edýänler elektron biletleri internetden ýa-da bilet satmak boýunça terminallardan, şeýle hem ýolagçylara hyzmat edýän stansiýalardan satyn alyp bilerler – diýip, «Türkmendemirýollary» AGPJ-niň resmi saýty habar berýär.

Bileti onlaýn satyn almak saýt arkaly amala aşyrylyp bilner ýa-da akylly telefonlar üçin «Turkmenistan Railways» goşundysynyň kömegi bilen Android we iOS telefon bazasyna görä alyp bolýar.

Programma üpjünçiligi ýolagçy üçin amatly wagta iki tarapa-da bilet almaga mümkinçilik berýär.

Ähli degişli amallar ýerine ýetirilenden soň elektron biletiň QR-kod görnüşindäki nusgasy ulanyjynyň elektron poçtasynyň salgysyna ugradylar. Satyn alyjynyň şeýle hem öz telefonyna SMS-habarnama geler. Elektron bileti hem telefonyň ekranyndan hem çap edilen görnüşde görkezmek bolýar.

Eger-de çap edilen bilet ýok bolsa, ýolagçy şahsyýetini tassyklaýan resminamany görkezip, onuň nusgasyny demir ýol wokzalyndan alyp biler. Elektron biletleri demir ýol wokzalynyň bilet kassalarynda yzyna gaýtaryp ýa-da ulanylmadyk biletleri gaýtadan dikeldip bolýar.

Şunuň bilen baglylykda okaň:

Türkmenistanda onlaýn görnüşde otla tiz bilet satyn almak – görkeziji gözükdirme

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026