Türkmenistanda binagärlige we dizaýna bagyşlanan bäsleşikli sergi geçiriler


11-nji martda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde häzirki zaman binagärligine we dizaýnyna bagyşlanan bäsleşikli sergi geçiriler – diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Gözden geçirilişe mekdep okuwçylary, orta hünär mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem ýaş hünärmenler gatnaşyp bilerler.
Gatnaşyjylar üç dereje boýunça öz işläp düzmelerini we taslamalaryny hödürläp bilerler – ýaşaýyş jaýlary; medeni binalar we seýilbaglar; örän gowy model ýa-da 3D animasiýa. Ýüz tutmalar Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transferi merkezinde kabul edilýär. Dürli guramalaryň wekillerinden durýan bäsleşigiň eminleri her taslama 1 baldan 10 balla çenli baha bererler.
Gözden geçirilişiň esasy maksady – zehinli ýaş binagärleri we dizaýnerleri ýüze çykarmak, olary geljekde Türkmenistanda amala aşyrylyp bilinjek täze taslamalary döretmäge höweslendirmekdir.
Sergi Bilim, Binagärlik we gurluşyk ministrlikleri, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transferi merkezi tarapyndan geçirilýär.
Bäsleşik barada jikme-jik maglumatlar bilen şu salgylanma tanşyp bolýar.
ORIENT habarlar








