TDHÇB-daky söwdalaşyklar: daşarky bazara A-92 kysymly awtobenziniň 24 müň tonnadan gowragy satyldy


Duşenbe güni, 30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $19 mln amerikan dollaryndan gowrak 9 sany geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
BAE-den, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler her tonnasynyň bahasy $776,5 amerikan dollaryna deň bolan A-92 kysymly awtobenziniň jemi 24,5 müň tonnasyny satyn aldylar.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy $19 mln amerikan dollaryndan geçdi.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar








