HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

UzA: Samarkant International Travel Bazaar-2023 halkara forumyny kabul eder

Fewral 03, 2023 | 16:56 |8522
10-11-nji fewralda Samarkantda Travel Bazaar-2023 halkara forumy geçiriler – diýip, Özbegistanyň UzA Milli habarlar agentligi habar berýär.10-11-nji fewralda Samarkantda Travel Bazaar-2023 halkara forumy geçiriler – diýip, Özbegistanyň UzA Milli habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: tureks.ru

10-11-nji fewralda Samarkantda Travel Bazaar-2023 halkara forumy geçiriler – diýip, Özbegistanyň UzA Milli habarlar agentligi habar berýär.

Özbegistanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldamagynda geçirilýän Travel Bazaar-2023 Merkezi Aziýadaky syýahatçylyk hyzmatlaryny üpjün edijiler üçin ähmiýetli çäredir, hyzmatdaşlygy ýola goýmak we täze çözgütleriň gözlegi üçin platformadyr.

Iki günüň dowamynda 9 ýurtdan gatnaşjak syýahatçylyk operatorlary we ýolbeletler, ýadygärlikleriň dikeldiş işleriniň hünärmenleri, myhmanhana işgärleri, döredijilik senagatynyň we döwlet pudagynyň wekilleri tutuş Merkezi Aziýadan bolan kärdeşleri bilen tejribe alşarlar.

Forumyň maksatnamasy syýahatçylygyň gyzykly ugurlary boýunça we pudagyň soňky ugurlary boýunça tegelek stoly, Özbegistandan, Ysraýyldan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Russiýadan gelen bilermenleriň gatnaşmagyndaky seminarlary, ussat-sapaklaryny, şeýle hem B2B -duşuşyklaryny öz içine alýar.

Syýahatçylyk pudagynyň 20-dan gowrak wekilleri «ýaşyl» tehnologiýalar, sebitde agrosyýahatçylygyň geljegi baradaky hasabatlar bilen çykyş ederler, öz şäheriňi nädip dünýäde birinji orna çykarmak barada gürrüň bererler.

Çäräniň çäklerinde sergi – dürli iýmitleriň we datly tagamlaryň zolagy işlediler, şeýle hem innowasion syýahatçylyk önümleriniň tanyşdyrylyşy meýilleşdirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026