HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda daşary ýurtlylary wagtlaýyn hasaba almaga bildirilýän talaby ýönekeýleşdirdiler

Fewral 02, 2023 | 17:27 |6800
Özbegistanda daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk şahslary respublikanyň çäginde wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça wagtlaýyn hasaba almaga bildirilýän talaplar ýönekeýleşdirildi – diýip, “Ýangi Uzbekiston” habar berýär.Özbegistanda daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk şahslary respublikanyň çäginde wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça wagtlaýyn hasaba almaga bildirilýän talaplar ýönekeýleşdirildi – diýip, “Ýangi Uzbekiston” habar berýär.
Çeşme: bookatour.me

Özbegistanda daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk şahslary respublikanyň çäginde wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça wagtlaýyn hasaba almaga bildirilýän talaplar ýönekeýleşdirildi – diýip, “Ýangi Uzbekiston” habar berýär.

Degişli karar Özbegistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan 2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda kabul edildi we 31-nji ýanwarda güýje girdi. Resminama laýyklykda daşary ýurt raýatlary gelenlerinden soň 3 günüň dowamynda wagtlaýyn hasaba alynmak üçin migrasiýa edarasynyň bölümlerine ýüz tutmalydyrlar.

Karar şeýle hem öň ýurtda bolmaklygyň düzgünini bozan ýa-da beýleki düzgün bozmalaryna ýol beren daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk şahslary waglaýyn hasaba almak üçin içeri işler edaralarynyň razylygyny almak zerurlygyny ýatyrýar.

Öz gezeginde, ýerleşdirme we lukmançylyk edaralarynyň administrasiýasy, şeýle hem hususy ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri daşary ýurtlylary içeri işler edaralaryna düzgün bozmalar barada “E-mehmon” programmasynyň üsti bilen habar berip, ýerleşdirip bilýärler.

Resminama bilen jikme-jik maglumatlar bilen Özbegistan Respublikasynyň Kanunçylygynyň milli maglumatlar binýadynda tanşyp boýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026