HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa bilen Türkiýe gaz merkeziniň howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga girişdiler

Ýanwar 29, 2023 | 15:07 |9137
Russiýa bilen Türkiýe bilermenler derejesinde gaz merkeziniň howpsuzlygy meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada TASS Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleg Syromolotowa salgylanyp, habar berýär.Russiýa bilen Türkiýe bilermenler derejesinde gaz merkeziniň howpsuzlygy meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada TASS Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleg Syromolotowa salgylanyp, habar berýär.
Çeşme: smotrim.ru

Russiýa bilen Türkiýe bilermenler derejesinde gaz merkeziniň howpsuzlygy meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada TASS Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleg Syromolotowa salgylanyp, habar berýär.

Neşir onuň “Wladimir Putiniň [Russiýanyň prezidenti] Türkiýede gaz merkezini döretmek başlangyjy bilelikdäki tagallalaryň netijesi boldy. Häzirki wagtda bu pikiri durmuşa geçirmegiň dürli taraplary bilermenler derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Türk hyzmatdaşlarymyzyň hyjuwyny, konstruktiw çemeleşmesini we bilelikdäki işe bolan höweslerini kanagatlanma bilen kabul edýäris” – diýen sözlerini getirýär.

Şeýle hem, Syromolotow Moskwa bilen Ankaranyň bilelikdäki tagallalary bilen “ýüze çykýan ähli meseleleri, şol sanda bar bolan we geljekde peýda boljak energiýa desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesini üstünlikli çözüp biljekdigine” ynam bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary energetikany ulgamyny rus-türk hyzmatdaşlygynyň iň üstünlikli ugurlarynyň biri diýip atlandyrdy. “Ankaranyň bu ugurdaky gatnaşyklary geljekde hil taýdan has çuňlaşdyrmak maksady “Mawy akym” we “Türk akymy” gaz geçirijileriniň gurluşygyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi we Russiýanyň “mawy ýangyç” bilen ygtybarly üpjün ediji bolup durýandygy bilen şertlendirilendir” – diýip, Syromolotow belleýär.

Gürrüň Russiýadan ýene bir bir gaz geçirijisiniň gurulmagy we Türkiýede gazyň üçünji ýurtlara, ilkinji nobatda Ýewropa ýurtlaryna ugradyljak gaz merkeziniň döredilmegi barada barýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026