HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylyň Aziýa kubogynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň oýunlarynyň tertibi

Ýanwar 31, 2023 | 21:27 |8091
Futbol boýunça Aziýa kubogy-2024-iň saýlama ýaryşlarynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň (20 ýaşa çenli) oýunlarynyň tertibi belli boldy.Futbol boýunça Aziýa kubogy-2024-iň saýlama ýaryşlarynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň (20 ýaşa çenli) oýunlarynyň tertibi belli boldy.
Çeşme: предоставлено руководством женской сборной Туркменистана (U20)

Futbol boýunça Aziýa kubogy-2024-iň saýlama ýaryşlarynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň (20 ýaşa çenli) oýunlarynyň tertibi belli boldy.

8-nji martda milli ýygyndy Eýranyň topary, 10-njy martda bolsa Bangladeşiň topary bilen duşuşar. Türkmenistan öz garşydaşlary bilen "H" toparyny emele getirdi. Duşuşyklar Bangladeşde merkezleşdirilen formatda bir aýlawda oýnalar.

Saýlaw ýaryşlarynyň birinji tapgyry 4-12-nji mart aralygynda dowam eder.

89350173-66cc-4242-9e5e-560eb7d58ad7-1.jpg

Toparlaryň ýeňijileri saýlama ýaryşlarynyň 2023-nji ýylyň 3-11-nji iýuny aralygynda geçiriljek ikinji tapgyryna çykarlar. Onuň netijelerine görä, iň oňat dört topara 2024-nji ýylyň 3-nji martyndan 16-njy martyna çenli Özbegistanda geçiriljek Aziýa kubogy-2024-iň finalynda oýnamak mümkinçiligi berler.

Taýlandda geçirilen Aziýa kubogynda iň gowy netijeleri görkezen Ýaponiýanyň, KHDR-nyň we Koreýa Respublikasynyň toparlary, şeýle hem ýaryşyň ýer eýesi hökmünde çykyş edýän Özbegistanyň milli ýygyndysy bäsleşmezden, ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Artur PETROSYANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026