HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Belorussiýa bilen wizalary özara ykrar etmek hakynda ylalaşygy tassyklady

Ýanwar 28, 2023 | 11:02 |6378
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin degişli federal kanuna gol çekmek bilen, Russiýa bilen Belorussiýanyň arasyndaky wizalary özara ykrar etmek hakynda ylalaşygy tassyklady. Ylalaşyk belorus wizasy bolan daşary ýurtlylara Russiýada bolmaga, Russiýanyň wizasy bolanlara bolsa – Belorussiýada bolmaga mümkinçilik berýär.Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin degişli federal kanuna gol çekmek bilen, Russiýa bilen Belorussiýanyň arasyndaky wizalary özara ykrar etmek hakynda ylalaşygy tassyklady. Ylalaşyk belorus wizasy bolan daşary ýurtlylara Russiýada bolmaga, Russiýanyň wizasy bolanlara bolsa – Belorussiýada bolmaga mümkinçilik berýär.
Çeşme: rbc.ru

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin degişli federal kanuna gol çekmek bilen, Russiýa bilen Belorussiýanyň arasyndaky wizalary özara ykrar etmek hakynda ylalaşygy tassyklady. Ylalaşyk belorus wizasy bolan daşary ýurtlylara Russiýada bolmaga, Russiýanyň wizasy bolanlara bolsa – Belorussiýada bolmaga mümkinçilik berýär.

Russiýanyň kanuny 1-nji fewraldan güýje girýär. Ylalaşygyň özi 2023-nji ýylyň martyndan ulanylyp başlanar.

Resminama russiýa ýa-da belorus wizasy bolan daşary ýurt raýatlaryna (şol sanda türkmenistanlylara) iki döwletiň çägine girmegi we wizanyň möhletiniň dowamynda onuň çäginde bolmagy, ýöne 90 günden köp bolmadyk wagt bilen bolmagy göz öňünde tutýar.

Iki ýurduň haýsy hem bolsa biriniň wizasy bolan raýatlar Russiýa bilen Belorussiýanyň arasynda demir ýol we howa ulagy arkaly, awtoulag arkaly bolsa ikitaraplaýyn ylalaşygyň goşundysynda görkezilen – alty sany ylalaşylan ýollarda päsgelçiliksiz syýahat edip bilerler.

Resminamanyň doly teksti Belorussiýanyň DIM-niň saýtynda elýeterlidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

22:30 Awgust 27, 2026
Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

22:21 Awgust 27, 2026
«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

22:05 Awgust 27, 2026