HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň raýatlary biri-birleriniňkä içerki resminamalary boýunça syýahat edip bilerler

Ýanwar 29, 2023 | 01:07 |6233
Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň hökümetleri iki ýurduň raýatlarynyň içerki resminamalar boýunça biri-birine syýahat etmegine mümkinçilik berýän özara saparlar baradaky ylalaşyga üýtgetme girizdiler – diýlip, UzA Milli habarlar agentligi anna güni habar berdi.Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň hökümetleri iki ýurduň raýatlarynyň içerki resminamalar boýunça biri-birine syýahat etmegine mümkinçilik berýän özara saparlar baradaky ylalaşyga üýtgetme girizdiler – diýlip, UzA Milli habarlar agentligi anna güni habar berdi.
Çeşme: duma.gov.ru

Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň hökümetleri iki ýurduň raýatlarynyň içerki resminamalar boýunça biri-birine syýahat etmegine mümkinçilik berýän özara saparlar baradaky ylalaşyga üýtgetme girizdiler – diýlip, UzA Milli habarlar agentligi anna güni habar berdi.

Habarlar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 26-27-nji ýanwarda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Gyrgyzystana amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda iki ýurduň hökümetleri tarapyndan 2006-njy ýylyň 3-nji oktýabryndaky raýatlaryň özara saparlary baradaky ylalaşyga üýtgetme girizmek baradaky teswirnama gol çekildi.

Hasabatda: "Teswirnama laýyklykda, indi Özbegistanyň ähli raýatlary Gyrgyzystana, şeýle hem Gyrgyzystanyň raýatlary Özbegistana şahsyýetnama boýunça girip bilerler" diýilýär.

Häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda wizasyz düzgün hereket edýär, ýöne serhetden diňe daşary ýurt pasporty bilen geçip bolýar.

Täze üýtgetme serhetden islendik ulag bilen geçmegi göz öňünde tutýar we iki ýurtda-da kanunnama tassyklanandan soň, bir-iki aýyň içinde güýje girip biler – diýip, UzA sözüniň üstüni ýetirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

22:30 Awgust 27, 2026
Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

22:21 Awgust 27, 2026
«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

22:05 Awgust 27, 2026