Mekdep okuwçylary iňlis dili boýunça Milli olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar


Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylary - ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylary paýtagtdaky D.Azady adyndaky Milli dünýä dilleri instituty tarapyndan geçiriljek iňlis dili boýunça Milli olimpiada gatnaşyp bilerler.
Intellektual bäsleşik iki tapgyrda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba durmaly ÝOM-niň web sahypasyndan ýüklenip alnan anketany dolduryp, resminamalary e-poçta arkaly ibermeli patrioticyouthtniwl@gmail.com.
Birinji tapgyryň şerti - iňlis dilinde düzme ýazmagy öz içine alýar, ol 8-nji fewralda başlar.
Düzmäniň mowzugy şol gün sagat 14:00-da ÝOM-niň web sahypasynda yglan ediler. Okuwçylara döredijilik işi üçin 3 sagat wagt berilýär. Taýýar bolan işleri e-poçta bilen bäsleşigiň eminlerine ugratmaly patrioticyouthtniwl@gmail.com.
Birinji tapgyryň ýeňijileriniň atlary 2023-nji ýylyň 15-nji martynda yglan ediler. "Çempionlaryň" sanawy institutyň web sahypasynda çap ediler. Olar şu ýylyň 1-nji aprelinde geçiriljek Olimpiadanyň ikinji tapgyryna gatnaşyp, bäsleşigi dowam etdirip bilerler.
Bäsleşik ir sagat 10:00-da D. Azadynyň adyny göterýän Dünýä dilleri institutynyň binasynda başlanar. Okuwçylar synag testini tabşyrmaly bolarlar. Ýeňijilere diplomlar gowşurylar.
Goşmaça maglumatlary "datmddi.edu.tm" saýtyndan alyp bilersiňiz.
ORIENT news








