HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly boýunça Hindistandan Almaty şäherine ýük daşama ýola goýdy

Ýanwar 29, 2023 | 19:03 |13442
Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň (INSTC) gündogar şahamçasyny ösdürmek üçin täze hyzmat ýola goýuldy: Gazagystanyň KTŽ milli demir ýol kompaniýasynyň multimodal bölümi bolan KTZ Express Türkmenistan bilen  Özbegistanyň üstünden Hindistandan Gazagystana künji tohumyny iberýär.Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň (INSTC) gündogar şahamçasyny ösdürmek üçin täze hyzmat ýola goýuldy: Gazagystanyň KTŽ milli demir ýol kompaniýasynyň multimodal bölümi bolan KTZ Express Türkmenistan bilen  Özbegistanyň üstünden Hindistandan Gazagystana künji tohumyny iberýär.
Çeşme: KTZ

Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň (INSTC) gündogar şahamçasyny ösdürmek üçin täze hyzmat ýola goýuldy: Gazagystanyň KTŽ milli demir ýol kompaniýasynyň multimodal bölümi bolan KTZ Express Türkmenistan bilen Özbegistanyň üstünden Hindistandan Gazagystana künji tohumyny iberýär.

Harytlar Hindistanyň günbataryndaky Mundra portundan Gazagystanyň günorta-gündogaryndaky Almaty şäherine geçiriler. KTŽ-nyň habaryna görä, bu hyzmat Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň ösüş meýilnamasynyň bir bölegidir.

Bu geçelge Mumbay bilen Moskwany birleşdirýän INSTC gündogar şahamçasynyň bir bölegidir.

KTŽ-nyň berýän maglumatlaryna görä, bu ugur boýunça ýol, takmynan 20 güne deň. Ilki bilen harytlar Mundra portundan Eýranyň Bender-Abbas portuna çenli deňiz bilen syýahat eder. Ondan beýläk konteýnerler demir ýol bilen hereket eder we Eýranyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň üsti bilen Almaty şäherine geçer.

INSTC bilen meşgullanýan kompaniýalaryň köpüsi geçelgäniň gündogar şahasynyň ösdürilmegini goldaýarlar. Mysal üçin, 2022-nji ýylyň dekabrynda Russiýanyň demir ýollary INSTC-iň gündogar tarapy boýunça haryt daşamak kararyna gelen operatorlar üçin 20% arzanladyş yglan etdi. Bu arzanladyş diňe Russiýa-Gazagystan serhet geçelgelerinden, şeýle hem Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Bolaşak-Serhetýaka serhedinden geçýän konteýnerlere degişlidir.

INSTC-iň gündogar şahasy Russiýany hazarýaka, Pars aýlagynyň ýurtlary, Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri bilen baglanyşdyrýan tor bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026