HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýokary okuw mekdebi ilkinji gezek daşary ýurt talyplarynyň gatnaşmagynda olimpiada geçirer

Ýanwar 25, 2023 | 21:13 |6356
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti matematikadan olimpiada gurar, oňa daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşarlar – diýip, HYYÖU-niň durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň dekany Habib Halmämmedow «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda beýan etdi.Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti matematikadan olimpiada gurar, oňa daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşarlar – diýip, HYYÖU-niň durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň dekany Habib Halmämmedow «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda beýan etdi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti matematikadan olimpiada gurar, oňa daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşarlar – diýip, HYYÖU-niň durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň dekany Habib Halmämmedow «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda beýan etdi.

Ozal daşary ýurtly talyplaryň onlaýn-formatynda gatnaşýan III Açyk matematika talyplar olimpiadasy bu ýyl oflaýn geçiriler we 23-28-nji aprel aralygynda Aşgabatda dünýäniň dürli ýurtlaryndan abraýly ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşyjylaryny toplar – diýip, Halmämmedow gürrüň berdi.

Olimpiada dürli ýurtlaryň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýokary bilimli, giň düşünjeli, döwrebap innowasion tehnologiýalary kämil bilýän hünärmenleri taýýarlamak üçin geçirilýär.

Olimpiada gatnaşmak isleýänler 1-nji fewraldan 30-njy marta çenli HYYÖU-niň resmi saýtynyň üsti bilen hasaba alynmalydyrlar. Olimpiadanyň netijeleri şahsy we topar ballarynyň jemi boýunça kesgitlener. Olimpiadanyň ýeňijilerine altyn, kümüş, bürünç medallar, degişli derejedäki diplomlar, şeýle hem gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

22:21 Awgust 27, 2026
«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

22:05 Awgust 27, 2026
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026