HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda netijeli gün stansiýalaryny gurmaga kömek edip biljek PÜ işläp taýýarladylar

Ýanwar 25, 2023 | 21:09 |7895
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri geljekde netijeli gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurmaga kömek etjek programma üpjünçiligini işläp taýýarladylar. Bu barada merkeziň direktory Kakageldi Saryýew türkmen resmi metbugaty üçin synynda gürrüň berdi.Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri geljekde netijeli gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurmaga kömek etjek programma üpjünçiligini işläp taýýarladylar. Bu barada merkeziň direktory Kakageldi Saryýew türkmen resmi metbugaty üçin synynda gürrüň berdi.
Çeşme: mavink.com

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça Ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri geljekde netijeli gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurmaga kömek etjek programma üpjünçiligini işläp taýýarladylar. Bu barada merkeziň direktory Kakageldi Saryýew türkmen resmi metbugaty üçin synynda gürrüň berdi.

Sanly ulgam gelejekki fotoelektrik we ýel elektrik stansiýalaryň kuwwatlylygyny tiz we anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär, belli bir ýer boýunça gün we ýel energiýasynyň işläp biljek kuwwatyna baha bermäge kömek edýär.

Bu ugurdaky iş dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ýurduň welaýatlary boýunça günüň we şemalyň kuwwatyny bahalandyrmak üçin sanly esas döredildi, bu bolsa gün we ýel elektrik stansiýalarynyň oturdyljak ýerini kesgitlemek üçin mümkinçilikleri giňeldýär.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we aspirantlary 2012-nji ýyldan bäri ýylylyk bilen üpjün etmek üçin energiýadan we günden peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenýärler. Bu işler iki gatly özbaşdak energiýa bilen üpjün edýän desgada oturdylan kuwwaty 2 kWt bolan gün-ýel elektrik stansiýasynda we meýdany 1,6 m2 wakuum gün kollektorynda alnyp barylýar.

2014-nji ýyldan bäri ýokary okuw mekdebiniň binýadynda «energiýanyň adaty bolmadyk we gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri» hünäri boýunça inženerler taýýarlanylýar. Olar geljekde Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda işleýän gurluşlaryň taslamalarynyň, hasaplamalarynyň we işe girizilmegiň üstünde işlärler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026