HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalarynyň täze toplumynyň taslamasy hödürlendi

Ýanwar 25, 2023 | 22:13 |6996
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýokary okuw mekdebiniň binalarynyň täze toplumynyň taslamasynyň tanyşdyrylyşy boldy – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýokary okuw mekdebiniň binalarynyň täze toplumynyň taslamasynyň tanyşdyrylyşy boldy – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýokary okuw mekdebiniň binalarynyň täze toplumynyň taslamasynyň tanyşdyrylyşy boldy – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.

Taslama baş binany we okuw-terbiýeçilik işi, mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işleri üçin ähli zerur bolan zatlar bilen enjamlaşdyrylan alty sany okuw binasyny öz içine alýar.

Täze toplumda şeýle hem dabaraly çäreler üçin aktlar zaly, dört sany umumy ýaşaýyş jaýy, sport zaly we açyk sport meýdançalary, naharhana, seýilgäh zolagy göz öňünde tutulandyr. 26 gektardan gowrak meýdanda talyplar şäherçesi emele geler, ol ýerde geljekki mugallymlar diňe okamak bilen çäklenmän, eýsem boş wagtlaryny peýdaly geçirip bilerler.

Institutyň kommunikasiýa işini üpjün etmek üçin tehniki jaýlar gurlar. Şeýle hem ýapyk awtoulag duralgasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalarynyň täze toplumyny gurmak başlangyjy bilen Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylyň iýun aýynda ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we talyplary üçin geçirilen leksiýanyň barşynda çykyş edipdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026