HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylary 2023-nji ýylyň hasyly üçin hemme zerurlyklar bilen üpjün etmegi tabşyrdy

Ýanwar 26, 2023 | 23:33 |10058
Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaça ekişi 580 müň gektar meýdanda geçiriler. Şonça meýdandan, mundan birnäçe ýyl ozal hem bolşy ýaly, 1 million 250 müň tonna çig mal ýygnap almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan meýdanlarda işleri doly derejede alyp barmak üçin ozal bar bolanlaryň üstüne goşmaça täze oba hojalyk tehnikalary we enjamlary satyn alnar.Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaça ekişi 580 müň gektar meýdanda geçiriler. Şonça meýdandan, mundan birnäçe ýyl ozal hem bolşy ýaly, 1 million 250 müň tonna çig mal ýygnap almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan meýdanlarda işleri doly derejede alyp barmak üçin ozal bar bolanlaryň üstüne goşmaça täze oba hojalyk tehnikalary we enjamlary satyn alnar.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaça ekişi 580 müň gektar meýdanda geçiriler. Şonça meýdandan, mundan birnäçe ýyl ozal hem bolşy ýaly, 1 million 250 müň tonna çig mal ýygnap almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan meýdanlarda işleri doly derejede alyp barmak üçin ozal bar bolanlaryň üstüne goşmaça täze oba hojalyk tehnikalary we enjamlary satyn alnar.

2023-nji ýylda pagta öndürmek baradaky karara prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Maryda hökümetiň göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine we ähli welaýatlara oba-senagat toplumynyň bu ulgamynyň ähli bölümleriniň zerur bolan derejede işlemegini gurap, pagtanyň kesgitlenen möçberiniň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanynyň karary jogapkär edaralary pagtanyň dürli görnüşleriniň tohumlaryny welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda paýlamaga, ekişe taýýarlyk görmek we ony geçirmek, pagtany ösdürip ýetişdirmek we ýygnap almak, ekerançylary suwarş suwy we dökünler bilen üpjün etmek boýunça tehniki hyzmatlary bermäge borçlandyrýar.

Gowaça ekişi ýurtda mart aýynyň ahyrlarynda başlanýar. 2020-nji ýyldan başlap, Türkmenistan ýurduň içinde pagtanyň doly derejede gaýtadan işlenilmegine hem-de dokma önümçiliginiň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berip, ony öndürmek üçin döwlet borçnamalaryny artdyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026