HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky mesele öwreniler

Ýanwar 27, 2023 | 00:53 |11349
Penşenbe güni Maryda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde çykyş edip, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseleleri öwrenmegi teklip etdi.Penşenbe güni Maryda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde çykyş edip, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseleleri öwrenmegi teklip etdi.
Çeşme: orient.tm

Penşenbe güni Maryda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde çykyş edip, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseleleri öwrenmegi teklip etdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ýaşlary goldamaga uly üns berilýär, bu ulgamda kanunçylyk binýady kämilleşdirilip, 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Ýaşlar bilen baglanyşykly wezipeler BMG-niň gün tertibiniň möhüm ugurlarynda hatarynda hem kesgitlenendir diýip, Meredow belledi. Ol 1985-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda ýaşlaryň meseleleri boýunça Ählumumy kongresiň hereket edýändigini ýatlap geçdi. Şeýle hem bu meseleler BMG-niň beýleki düzümleriniň alyp barýan işleriniň gün tertibine girýär.

Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň işlenilip taýýarlanylmagy ýaş türkmenistanlylaryň daşary ýurtlardaky deň-duşlary bilen özara gatnaşyk etmäge has işjeň gatnaşmagy üçin esas bolup biler diýip, daşary işler ministri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda ol Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Ýaş diplomatlaryň halkara merkezini döretmek baradaky hem-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseleleri öwrenmegi teklip etdi.

Bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin bu ugur boýunça BMG, ÝHHG, ÝB, GDA bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi.

Döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýokarda agzalan Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynda Türkmenistanda Ýokary tehnologiýalar milli merkezini döretmek, “Ýaş zehinler” maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Türkmenistanda halkara ýetginjekler oýunlaryny guramak we şol oýunlary geljekde yzygiderli geçirmek bilen birlikde medeniýet we sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek ýaly çäreler hem beýanyny tapmalydyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşlar syýasatynyň häzir içerki ösüşiň we daşary syýasat işinde döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany ýaşlar babatda, şol sanda abraýly lektorlary, meşhur alymlary we mugallymlary Türkmenistana çagyrmak arkaly bilim ulgamy boýunça, şeýle hem ýokary tehnologiýalar babatda halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine degişli pikirini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026