HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

FlyDubai Aşgabada gaýtadan uçup başlady

Ýanwar 24, 2023 | 22:25 |9997
FlyDubai awiakompaniýasy Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistana uçuşlary ýatyrandan üç ýyla golaý wagtdan soň ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy.FlyDubai awiakompaniýasy Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistana uçuşlary ýatyrandan üç ýyla golaý wagtdan soň ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy.
Çeşme: unsplash.com

FlyDubai awiakompaniýasy Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistana uçuşlary ýatyrandan üç ýyla golaý wagtdan soň ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy.

Awiakompaniýanyň uçary Dubaýdan 23-nji ýanwarda 23:55-de uçdy we 24-nji ýanwarda 03:25-de Aşgabadyň halkara howa menziline gondy. Türkmen paýtagtyndan yzyna ol 04:35-de uçdy we Dubaýyň Halkara howa menziline 06:30-da gondy.

Şu ýokarda görkezilen tertip boýunça kompaniýa her hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri Aşgabat ugry boýunça uçýar we her hepdäniň sişenbe we anna günleri türkmen paýtagtyndan Dubaýa uçar gatnawyny amala aşyrýar.

FlyDubai-ň resmi saýtynda Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ekonom klasyň biletiniň bahasy $328,40 deňdir, gaýdyş ugrunyň bileti bolsa $331,90 barabardyr (2023-nji ýylyň 24-nji ýanwary ýagdaýynyň bahalary).

Aşgabatda bileti awiakompaniýanyň şu salgyda ýerleşýän ofisinden satyn alyp bolýar: Seýitnazar Seýdi köçesi, jaý 19/1 (Atamyrat alleýasy). Goşmaça maglumatlary şu telefon belgisine jaň edip, alyp bolýar: 92-01-66

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026