HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezi wiza almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny çap etdi

Ýanwar 24, 2023 | 22:05 |24152
Türkiýaniň Aşgabatdaky wiza merkezi özüniň resmi saýtynda Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan wizalaryň dürli görnüşlerini almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny dört dilde çap etdi.Türkiýaniň Aşgabatdaky wiza merkezi özüniň resmi saýtynda Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan wizalaryň dürli görnüşlerini almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny dört dilde çap etdi.
Çeşme: vemigracii.ru

Türkiýaniň Aşgabatdaky wiza merkezi özüniň resmi saýtynda Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan wizalaryň dürli görnüşlerini almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny dört dilde çap etdi.

Şeýlelikde, syýahatçylyk wizasyny almak üçin resminamalaryň doly sanawy bilen
rus dilinde, türkmen dilinde we türk dilinde we iňlis dilinde tanşyp bolýar.

Sanawa laýyklykda, Türkiýä syýahatçy hökmünde gitmegi meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurt pasportyny we onuň nusgasyny görkezmeli. Pasportyň möhleti Türkiýä giren senesinden başlap, 6 aýdan az bolmaly däldir.

Sanawa şeýle hem içerki pasportyň nusgasy; öň alnan türk, şengen, britan we amerikan wizalary (eger-de bar bolsa), daşary ýurt raýatlary üçin ýaşaýan ýeri barada kepilnama girýär.

Syýahatçylyk wizasyny almak üçin 5х6 ölçegde biometrik surat gerek, ol ak fonda düşürilen bolmaly we düşürilenine 6 aýdan köp wagt geçmeli däl; otelde ýeriň sargyt edilendigi barada maglumat ýa-da ýerleşjek ýeri barada arza berijiniň maglumaty bilen islendik maglumat, soňky 3 aýyň dowamynda golly we möhürli bank hasabyndan göçürme.

Ýüz tutujy şeýle hem Türkiýe üçin hereket edýän ätiýaçlandyryş resminamasyny görkezmelidir we wiza merkeziniň özünde «COVID-19 güwänamasyny» almalydyr. Eger-de ýüz tutujy işleýän bolsa, eýeleýän wezipesi, aýlyk haky we işiň dowamlylygy barada iş ýerinden golly we möhürli kepilnama gerek, şeýle hem onuň türk dilinde terjimesi bolmaly.

Eger-de onuň özi iş beriji bolsa, onda kompaniýanyň esaslandyryş resminamalary we Söwda-senagat edarasyndaky hasaba alnyşy hakynda türk diline terjimesi bilen birlikde gerek, pensionerlere – pensiýa çykandygy barada kepilnama we onuň terjimesi, talyplara - talyplyk bileti gerek.

Eger-de ýüz tutujy işlemeýän bolsa, ol ýazmaça görnüşde borçnama we özüni maliýeleşdirýän adamyň girdejisi barada kepilnama görkezmeli, 18 ýaşa ýetmediklere – ene-atasynyň ikisiniň-de notariusda tassyklanan razylygy gerek.

Resminamalaryň toplumy çaganyň dogluş şahadatnamasyny, nika şahadatnamasyny, eger-de çaga ene-atasynyň haýsy hem bolsa biri bilen syýahat edýän bolsa, onda razylyk haty gerekdir.

Haçanda maliýe ýagdaýy ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, goşmaça resminamalar: Türkmenistandaky gozgalmaýan emlägi barada şahadatnama, Türkiýedäki gozgalmaýan emlägi barada şahadatnama, bankdan göçürme, mekdebi tamamlandygy baradaky attestat, ulag serişdesine eýeçilik hukugy, Türkiýede ýaşamaga rugsat (eger-de bar bolsa).

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026