Türkmenistandan gelen tennisçi gyz – Dubaýdaky halkara ýaryşyň kümüş baýragynyň eýesi


Türkmenistandan ýetginjek tennisçi gyz - Sülgün Işangulyýewa Dubaýda tamamlanan Dubai Bowl 2023 halkara ýaryşynda ikinji orny eýeledi. Kümüş baýragy almak ugrunda ol Fransiýadan, Belgiýadan, Bosniýadan we Gersegowinadan gelen bäsdeşlerinden üstün çykmagy başardy.
Ozal tennis sportuna ýaňy girişen türkmen türgeni 10 ýaşa çenli bolan çagalaryň arasynda Izmir şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda ýeňiş gazanypdy.
Dubai Bowl 2023 dünýä boýunça ýetginjekleriň tennisinde uly we ähmiýetli ýaryşlaryň biridir (Junior Tennis World Tour Series). Bu ýaryş 10 ýaşdan 16 ýaşa çenli bolan dürli sebitlerden gelen oýunçylara professional tennisde ösmek üçin tejribe toplamaga mümkinçilik bermäge ýöriteleşýär. Bu ýyl ýaryşa 50-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdylar.
ORIENT habarlar








