HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Sowfraht” Hazarda türkmen we rus portlarynyň arasynda gatnawlary üpjün etmäge taýyn

Ýanwar 25, 2023 | 05:37 |10023
Russiýa bilen Türkmenistan portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz aragatnaşygy ýüküň daşalyş wagtyny gysgaldar we ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösmegine goşant goşar.Russiýa bilen Türkmenistan portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz aragatnaşygy ýüküň daşalyş wagtyny gysgaldar we ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösmegine goşant goşar.
Çeşme: sovfracht.ru

Russiýa bilen Türkmenistan portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz aragatnaşygy ýüküň daşalyş wagtyny gysgaldar we ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösmegine goşant goşar.

“Sowfraht” Hazar deňzinde Türkmenistan bilen Russiýanyň portlarynyň arasynda yzygiderli ýük daşamagy guramak işine gatnaşmaga taýyn. Bu barada "Sowfraht" paýdarlar jemgyýetiniň baş müdiriniň deňiz gatnawlary boýunça orunbasary Karen Stepanýan Russiýanyň Transport ministrliginiň, Astrahan oblastynyň, Astrahan we Olýa deňiz portlarynyň gämi gatnaw kompaniýalarynyň we ýük terminallarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri bilen Hazar deňzinde Türkmenbaşy deňiz porty bilen rus deňiz portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz gatnawlaryny guramak meselesi boýunça geçirilen duşuşygynda aýtdy.

Stepanýan: "Kompaniýanyň hem daşaýjy, hem-de liniýa operatory hökmünde hereket etmek üçin ähli zerur çeşmeleri we başarnyklary bar" – diýip, aýtdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy ulag we logistika kompaniýasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Russiýa bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz aragatnaşygy ýüküň daşalyş wagtyny azaldar we ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösmegine goşant goşar. Gepleşikleriň netijesi boýunça Hazar deňzinde yzygiderli gämi gatnawlaryny açmak taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýol kartasyny düzmek barada ylalaşyk gazanyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026