Tatarstanda rus dilinde bilim berýän ilkinji onlaýn medrese açyldy


Dünýäniň dürli künjeklerinden bolan rus dilli musulmanlar wirtual medresede yslamyň esaslary boýunça bilim alyp bilerler. Rus dilindäki bilim taslamasy Tatarstan Respublikasynyň Musulmanlaryň ruhy geňeşi tarapyndan ýola goýuldy. "Islam-today.ru" neşiriniň habar bermegine görä, bu barada Kazanda geçirilen metbugat ýygnagynda respublikanyň müftüsi Kamil Samigullin gürrüň berdi.
Müfti: "Onlaýn medrese dürli sebäplere görä metjitde ýa-da medreselerde okap bilmeýänlere başlangyç dini bilimini aňsat we çalt öwrenmäge kömek eder" – diýip belläp geçdi.
Täze çeşme yslam kanunlaryny, Gurhany, arap dilini, şeýle hem Russiýada yslamyň taryhyny we Muhammet pygamberiň terjimehalyny öwrenmegi teklip edýär. Kurs 200 sapakdan ybarat.
2021-nji ýylda tatar dilinde ilkinji onlaýn medrese taslamasynyň işe başlandygyny ýatlatmak isleýäris. Bilim edarasy bilim platformasynda işleýär. Sapaklara gatnaşmak smartfonlar üçin programma arkaly amala aşyrylýar.
ORIENT news








