HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saud Arabystany Yslam sungatynyň taryhda ilkinji biennalesine taýýarlanýar

Ýanwar 25, 2023 | 01:11 |6612
Saud Arabystanynyň taryhynda Yslam sungatynyň ilkinji biennalesi (her iki ýyldan bir gezek geçirilýän sergi) 23-nji ýanwarda Jidda şäherinde Şa Abdulaziz adyndaky halkara howa menziliniň “Haj” terminalynda açyldy.Saud Arabystanynyň taryhynda Yslam sungatynyň ilkinji biennalesi (her iki ýyldan bir gezek geçirilýän sergi) 23-nji ýanwarda Jidda şäherinde Şa Abdulaziz adyndaky halkara howa menziliniň “Haj” terminalynda açyldy.
Çeşme: as-salam.ru

Saud Arabystanynyň taryhynda Yslam sungatynyň ilkinji biennalesi (her iki ýyldan bir gezek geçirilýän sergi) 23-nji ýanwarda Jidda şäherinde Şa Abdulaziz adyndaky halkara howa menziliniň “Haj” terminalynda açyldy.

Bu çäre dünýädäki musulmanlaryň ýakyn arabaglanyşygyny, şeýle hem ruhy we çeper estetikanyň arasyndaky baglanyşygy görkezip, yslam sungatynyň baýlygyny dünýä ýaýar. Ekspozisiýanyň esasy mowzugy Gurhandan gelip çykan "Awwal Baýt", ýagny arap dilinden terjime edilende "Birinji öý" diýmegi aňladýar. Bu söz düzümi musulmanlar üçin iň mukaddes ýer bolan Mekgedäki Käbä degişlidir.

Şa Abdulaziz adyndaky halkara howa menzilinde ýerleşýän 1981-nji ýylda gurlan “Haj terminaly” her ýylky Haj bilen baglanyşykly däp-dessurlara gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna gelýän millionlarça zyýaratçyny garşy alýar.

Özboluşly binagärlik gurluşy üçin bu bina 1983-nji ýylda Aga Han baýragyna eýe boldy. Bu ýerdäki 70,000 inedördül metr meýdançada uly sergi pawiliony bar. Yslam sungat sergisi 2023-nji ýylyň 23-nji apreline çenli açyk bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026