HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň 87-nji orta mekdebiniň okuwçylary birnäçe halkara olimpiadalarynda baýrakly orunlary eýelediler

Ýanwar 26, 2023 | 15:41 |6446
Aşgabadyň dilleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçylary 2023-nji ýylyň başynda geçirilen halkara olimpiadalarynyň birnäçesinde baýrakly orunlaryň eýeleri boldular – diýip, şu gün «Neýtralny Turkmenistan» gazeti ýazýar.Aşgabadyň dilleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçylary 2023-nji ýylyň başynda geçirilen halkara olimpiadalarynyň birnäçesinde baýrakly orunlaryň eýeleri boldular – diýip, şu gün «Neýtralny Turkmenistan» gazeti ýazýar.
Çeşme: unsplash.com

Aşgabadyň dilleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçylary 2023-nji ýylyň başynda geçirilen halkara olimpiadalarynyň birnäçesinde baýrakly orunlaryň eýeleri boldular – diýip, şu gün «Neýtralny Turkmenistan» gazeti ýazýar.

Okuwçylar Dawut Allalyýew we Şirmyrat Geldiýew iňlis dili boýunça «Anglius» halkara onlaýn bäsleşiginde ikinji we üçünji ýeri eýelediler. Olimpiadanyň esasy maksady ýaş oglanlary iňlis dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmakdy.

Öň şu mekdebiň üç wekili biologiýa boýunça World Young Biologist Olympiad halkara olimpiadasyna gatnaşdylar, oňa dünýäniň 20 ýurdundan, şol sanda Polşadan, Hindistandan, Bolgariýadan, Malaýziýadan, Meksikadan, BAE-den, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we beýlekilerden okuwçylar gatnaşdylar. 10-njy we 11-nji synp okuwçylary Selbi Orazgeldiýewa we Aknur Garlyýewa altyn medala mynasyp boldular, dokuzynjy synp okuwçysy Mähriban Şöhradowa bolsa – kümüş medaly almagy başardy.

Şeýle hem ýakynda matematika boýunça World Mathematics Team Championship Halkara internet-olimpiadasynyň netijeleri belli boldy, oňa dünýäniň 17 ýurdundan ýüzlerçe güýçli okuwçylar gatnaşdylar. «Ylymlaryň şa zenanynyň» iň gowy bilgiri Türkmenistandan, Aşgabadyň 87-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Rejepmämmet Babyşow boldy, ol altyn medal bilen sylaglandy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026