HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Russiýanyň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini belledi

Ýanwar 21, 2023 | 16:46 |14622
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow RF-nyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi – diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow RF-nyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi – diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: government.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow RF-nyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi – diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň baştutany ýurtlaryň işjeň syýasy dialogy alyp barýandyklaryny, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürýändiklerini, medeni-ynsanperwer ugurda özara hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirýändiklerini nygtady. Parlamentara gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Serdar Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan oblasty we RF-nyň beýleki subýektleri bilen üstünlikli özara gatnaşyklary nygtap geçdi.

Mihail Mişustin şu günki günde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady. Özara haryt dolanyşygy 1 mlrd. dollar derejesinde bolup, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiligi uludygy bellenildi.

Şeýle hem premýer-ministr maşyn gurluşygynda, energetika we nebit-gaz toplumynda, oba hojalygynda we sanly ykdysadyýetde ýurtlaryň üstünlikli özara hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy.

Gepleşikleriň netijesinde migrasiýa, bilim, gümrük babatynda, şeýle hem balyk tutmak, ösümlikleriň karantini we suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça 10 resminama gol çekildi.

Taraplar energetika, nebit-gaz senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we sanly tehnologiýalaryň ösdürilmeginde özara hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026