Britaniýalylar Çarlz III-iň täç geýdirme dabarasy mynasybetli üç günläp toý tutarlar


Bu çäre Angliýada 2023-nji ýylyň 6-8-nji maýynda Westmin abbatlygynda geçiriler. Bukingem köşgüniň habar bermegine görä, Çarlz III-iň täç geýdiriş dabarasyna iki müň adam gatnaşar. Ýeri gelende, 1953-nji ýylda Elizelizaweta II-iň täç geýdiriş dabarasyna sekiz müň adam gatnaşypdy.
Bu günler iňlisler iki dabaraly ýörişi, Windsor galasynyň gazonyndaky orkestrleriň çykyşlaryny, lazer şüweleňini, şa maşgalasynyň agzalarynyň Londondaky rezidensiýasynyň balkonynda halk bilen ýüzbe-ýüz duşuşygyny görüp bilerler.
Çarlz III-i patyşalygy kabul etmek dabarasy 6-njy maýda abbatlykda geçiriler. Ol Bukingem köşgünden şa aýal konsort Kamilla bilen bilelikde altyn çaýylan arabada geler. Şol ýerden patyşa we şa aýal köşge gaýdyp gelerler we maşgala agzalary bilen balkona çykyp, öz raýatlaryny garşy alarlar.
7-nji maýda Windsor galasynda dünýä ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda uly konsert bolar. Gije Londonyň asmany häzirki zaman dronlaryň ulanylmagy arkaly, owadan yşyklardan düzülen şüweleňe beslener.
Duşenbe, 8-nji maý Angliýada umumy dynç güni diýlip yglan edildi. Patyşalygyň ýaşaýjylary meýletin we haýyr-sahawat taslamalaryna gatnaşmaga çagyrylýar.
ORIENT news








