HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hepdäniň jemi 16-21 ýanwar.

Ýanwar 23, 2023 | 02:49 |5709
Ýanwar aýynyň üçünji hepdesi halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi.Ýanwar aýynyň üçünji hepdesi halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi.
Çeşme: Watan

Hepdäniň jemi.

Ýanwar aýynyň üçünji hepdesi halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi.

16-njy ýanwar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere bagyşlandy.

17-nji ýanwar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

18-nji ýanwar

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçiligiň welaýatlardaky wekilleri Aşgabada geldiler.

Döwlet Baştutanymyzyň adyna hat geldi.

19-njy ýanwar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda boldy.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-russiýa işewürler forumy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hat geldi.

20-njy ýanwar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşdy.

Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutulyş dabarasy geçirildi.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda dürli görnüşde geçirilen duşuşyklar, şeýle hem Türkmen-russiýa we Russiýa-türkmen Işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisinde ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlyk meýilnamalary anyklaşdyryldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

21-nji ýanwar

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisine gatnaşyjylar üçin toý sadakasy berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026