HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Baş Sekretary Dawosdaky ykdysady forumda howa bilen bagly kynçylyklary äsgermezlik etmezlige çagyrdy

Ýanwar 20, 2023 | 15:14 |9310
Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumda çykyş etmek bilen, BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Gutteriş dünýä liderlerini howa bilen bagly kynçylyklary äsgermezçilik etmezlige, ony ýeňip geçmek üçin berk syýasy kararlary kabul etmeklige çagyrdy – diýip, BMG-niň täzelikler gullugy habar berýär.Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumda çykyş etmek bilen, BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Gutteriş dünýä liderlerini howa bilen bagly kynçylyklary äsgermezçilik etmezlige, ony ýeňip geçmek üçin berk syýasy kararlary kabul etmeklige çagyrdy – diýip, BMG-niň täzelikler gullugy habar berýär.
Çeşme: news.un.org

Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumda çykyş etmek bilen, BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Gutteriş dünýä liderlerini howa bilen bagly kynçylyklary äsgermezçilik etmezlige, ony ýeňip geçmek üçin berk syýasy kararlary kabul etmeklige çagyrdy – diýip, BMG-niň täzelikler gullugy habar berýär.

Hususan-da, bu guramanyň baştutany howa maliýeleşdirmesi boýunça ösen ýurtlaryň ösüp barýan ýurtlary goldamak üçin 100 mlrd dollar möçberindäki borçnamasy hakynda ýatlatdy.

«Her hepde howa bilen baglanyşykly täze gorkunç waka ýüze çykýar. Parnik gazlarynyň çykyp durmagy iň ýokary derejede dur we artmagyny dowam edýär. Mundan beýläk hereket etmesek biz howanyň temperaturasynyň 2,8 gradus ýokarlanmagyna bararys» – diýip, ol aýtdy.

Antoniu Gutteriş şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen bagly göreşde hususy pudagyň wekilleriniň hereketini işjeňleşdirmäge çagyrdy, BMG tarapyndan goldanylýan nol taşlandylar ýörelgesini berjaý etmäge çagyrdy. Ol eger hususy pudak köpçülikleýin gatnaşmasa, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin gerekli bolan milliardlardan trillionlara geçmegiň mümkin bolmajakdygyny aýtdy.

Bütindünýä ykdysady forumyň 53-nji mejlisi Dawosda 16-njy ýanwarda açyldy. Forumyň bu ýylky şygary –«Parçalanan dünýä şertlerinde hyzmatdaşlyk». Gurnaýjylaryň baha bermegine görä, Dawosa gatnaşyjylaryň rekord sany – 2,7 müň adama ýeter. Forum 20-nji ýanwara çenli dowam eder.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026