Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy
21-nji ýanwarda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň üstünlikli geçen mejlisi mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilýän ýerine geldi.
Bu ýerde hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler Döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylap, ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly waka bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Tutuş halkymyzyň erk-islegi esasynda kabul edilen çözgüdiň Gahryman Arkadagymyzyň watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryna bildirilýän hormatyň aýdyň nyşanydygy, bu çözgüdiň ýurdumyzyň milli kanunçykaryjy edarasynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde we ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi.
Soňra Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli guralan konserte tomaşa etdi.
Konsertde milli aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, dessanlar we häzirki zaman eserleri ýaňlandy. Eziz watanymyzy, onuň gözelligini we kuwwatyny wasp edýän özboluşly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Sungat ussatlary öz zehinleri we ýokary derejeli çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdylar. Gahryman Arkadagymyzyň sazyna we sözlerine döredilen “Bagt nury” diýen ajaýyp aýdymyň ýaňlanmagy dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.








