Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi.


Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi Türkmenistanyň Döwlet senasy bilen başlady.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibini tassyklamak baradaky meselä geçip, mejlise gatnaşyjylaryň bu baradaky teklipleri bilen gyzyklandy.
Gelip gowşan tekliplerden soňra, mejlisiň gün tertibi kabul edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynyň geçirilendigini, onda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek barada edilen teklipleriň doly goldanandygyny belledi.
Milli Lider mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bilelikdäki mejlisde jemgyýetimiziň döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm soraglaryň, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, şonuň bilen baglylykda Türkmenistanyň iki palataly Milli Geňeşini bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky soraglaryň ara alyp maslahatlaşylandygyny, şol soraglar boýunça çykyşlaryň diňlenilendigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etmek bilen, Konstitusion topar tarapyndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisine arakesme yglan edilen pursatynda Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty boldy.
Maslahatda Türkmenistanyň Halk maslahatyny döretmek,Türkmenistanyň milli Geňeşiniň Halk maslahaty palatasynyň işiniň bes edilmegi we bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň döredilmegi baradaky teklipler esasynda konstitusion topar tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlanyldy. Soňra maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda Türkmenistanyň konstitusion kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Bilelikdäki mejlisiň barşynda mejlisiň deputatlary, konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdiler. Halk maslahatynyň agzalary bolsa olary makulladylar. Soňra kanun taslamalarynyň 3-si hemTürkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna iberildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzy saýlamak hakyndaky teklibi goldadylar.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi öz işini dowam etdi.
Milli Liderimiz geçirilen işleriň jemleri boýunça hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Mämmedowa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, mejlisde kabul edilen we makullanylan Türkmenistanyň konstitutsiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalary girizmek hakynda, Türkmenistanyň halk maslahaty hakynda Türkmenistanyň konstitutsion kanunlary hormatly Prezidentimiziň garamagyna iberildi. Döwlet Baştutanymyz bu konstitutsion kanunlary goldap, gol çekdi. Kabul edilen Türkmenistanyň halk maslahaty hakynda Türkmenistanyň konstitusion kanunynyň 3-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň gahrymany, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, halkyň arkadagy, türkmen halkynyň milli lideri Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Mundan başgada türkmen halkynyň isleglerini göz öňünde tutulup, Türkmen halkynyň milli lideri hakynda Türkmenistanyň konstitutsion kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Türkmen halkynyň milli lideri hakynda Türkmenistanyň konstitusion kanuny kabul edildi we makullanyldy hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň erk-islegini goldap, bu konstitutsion kanuna gol çekendigini belläp, Mämmedowa Türkmen halkynyň milli lideri diýen belent derejesi bilen Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady.
Milli Lider Hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde kabul edilen Konstitusion kanunlara gol çekip, olary tassyklandygyny habar berdi hem-de şol kanunlaryň kabul edilmegi bilen özüne örän jogapkärli wezipäniň ýüklenýändigini nygtap, minnetdarlyk sözlerini beýan etmek üçin münbere geçip, söz sözledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow uly ynam bildirip, Türkmenistanyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi we Garaşsyz hem baky Bitarap Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we Ýaşasyn, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan diýen şygar bilen çykyşyny tamamlady.








