Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi


Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi bilen mähirli salamlaşyp, ony doglan güni bilen gutlady, berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Mintimer Şaýmiýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin hoşallygyny beýan edip, ynanyşykly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.








