Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy


Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk we döwlet ösüşiniň ýolunda üstünlikler baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi.
Prezident Rustam Minnihanow şu gezekki saparyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berip, olara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň geljekde hem Russiýa bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinýändigini aýtdy.
Prezident Rustam Minnihanow ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk hem-de Türkmenistanda işleýän kompaniýalara goldaw berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljekde hem ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Birnäçe ugurlar, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag, dokma senagaty, oba hojalygy, maşyn we gämigurluşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynda aýratyn orun eýeleýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýap edip, iki doganlyk halkyň arasynda gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.








