HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-russiýa söwda dolanyşygynyň möçberi takmynan, 1 milliard dollar, mümkinçilikler – has ýokary

Ýanwar 20, 2023 | 04:47 |8432
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwdanyň möçberi häzirki wagtda takmynan, bir milliard dollar derejesinde. Şübhesiz, ykdysady hyzmatdaşlygyň potensialy has ýokary. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilýän türkmen-rus işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy.Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwdanyň möçberi häzirki wagtda takmynan, bir milliard dollar derejesinde. Şübhesiz, ykdysady hyzmatdaşlygyň potensialy has ýokary. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilýän türkmen-rus işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: Suleiman Charyev

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwdanyň möçberi häzirki wagtda takmynan, bir milliard dollar derejesinde. Şübhesiz, ykdysady hyzmatdaşlygyň potensialy has ýokary. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilýän türkmen-rus işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Mişustin bu çäre barada Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar taryhynda ilkinji uly göwrümli işewür forumdygyny aýtdy. Russiýa tarapyndan oňa işewür toparlaryň we guramalaryň 300-den gowrak wekili gatnaşýar.

1.JPEG

Premýer-ministriň pikiriçe, häzir diňe bir uly kynçylyklaryň däl, eýsem täze mümkinçilikleriň hem wagty. Mişustin: " Türkmenistanyň telekeçileri ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri bilen birnäçe daşary ýurt korporasiýalarynyň Russiýa bazaryndan çykarylmagy sebäpli boşadylan käbir ýerleri eýeläp bilerler" - diýdi.

Gürrüň diňe harytlaryň akymyny köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem bilelikdäki kärhanalary döretmek, häzirkizaman senagat, energiýa we ulag desgalaryny gurmak barada hem bolup biler.

2.JPEG

Russiýanyň hökümetiniň başlygy sebitleýin integrasiýa formatynda hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da Türkmenistanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmegi barada aýtdy. Mişustiniň pikiriçe, Türkmenistanyň EAYB formatynda integrasiýa proseslerine gatnaşmagy ýurduň ykdysadyýetine oňyn täsir eder we "bäşligiň" ýurtlarynyň hemmesi üçin hem bähbitli bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026